Trening FSSC 22000

/ / TÄZELIKLER

Azyk önümleriniň howpsuzlygynyň FSSC 22000 Menejment Ulgamynyň Halkara Standartynyň talaplaryny ýerine ýetirmek hem-de hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, «Uly Çynar» HJ-niň işgärleri 14.04.2020 ýylda «SŽS Тürkmen LTD.» DP kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilýän «FSSC 22000 v.5 standartynyň täze girizilen talaplary bilen tanyşmak boýunça nazary maslahatlaryň berilmegi» atly tälim okuwlaryna ugradyldy.

«SŽS Тürkmen LTD.» DP kompaniýasynyň tejribeli lektorlary biziň kompaniýamyzyň hünärmenlerini FSSC 22000 v.5 standartyna girizilen täzeçillikleri ähli jikme-jikligi bilen tanyşdyrdylar. Grafiki görkezişleriň we ýönekeý mysallaryň üsti bilen kompaniýanyň ähli hünärmenleri olar üçin täze materialara doly düşündiler. Tälim okuwlarynyň jemleri boýunça oňa gatnaşan hünärmenleriň ählisi tassyklaýyş şahadatnamalaryny aldylar.

Şunuň ýaly tejribe biziň kompaniýamyz hem-de onuň netijeli işi üçin aýratyn peýdalydyr. Kompaniýanyň ýolbaşçylary işgärlerde hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga bolan ymtylyşy kemala getirmek, işgärler üçin zähmet çekmek, ösüş hem-de öz-özüni hemmetaraplaýyn açyp görkezmegi üçin zerur bolan şertleri yzygiderli döretmek arkaly hemişe işgärleri gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmaga çemeleşýär.