HIL-TM Merkeziniň çakylygy boýunça «Uly Çynar» HJ-niň işgärleri USAID-yň goldaw bermeginde «CERT academy» kompaniýasy tarapyndan geçirilýän «Täze ISO 9001, ISO 14001, ISO 22000, ISO 31000, ISO 37001, ISO 45001 we ISO 50001 standartlary bilen dolandyryş ulgamyndaky pikirlenişi üýtgetmek» atly birinji halkara onlaýn maslahatyna gatnaşdylar.
Hünärmenleriniň we mugallymlar düzüminiň ýokary hünär derejeliliginiň we hünär taýdan ygtyýarlylygynyň, şonuň ýaly-da 15 ýyllyk iş tejribesiniň netijesinde «Cert Academy» kompaniýasy menejment ulgamlary boýunça okuw sapaklarynyň geçirilmeginde öňdebaryjy orny eýeleýär. Iki günlük okuwyň dowamynda Ildar Inleýew, Marat Habibulin, Riad Ibragimow dagylar leksiýalary okadylar. Halkara standartlary boýunça köp zatlar öwrenildi, şonuň ýaly-da lektorlar bizi gyzyklandyrýan sowallara jogap berdiler. Maslahatyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar şahadatnamalary hem-de ähmiýetli tejribäni alarlar.
«Uly Çynar» kompaniýasy onlaýn-maslahatynyň guramaçylaryna peýdaly tejribe hem-de alnan bilimler babatynda minnetdarlygyny bildirýär. Biziň kompaniýamyz ýokary hünär derejeli şeýle hünärmenleriň topary bilen geljekde hem hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine umyt bildirýär.