“Uly Çynar” hojalyk jemgyýeti 2006-nji ýylda esaslandyryldy. “Uly Çynar” HJ plastik çüýşeleriň, plastik gapaklaryň we plastikler çüýşeleriň tutawaçlarynyň önümçiligi üçin PET-preformalaryny öndürýär. “Uly Çynar” HJ-niň önümleri, esasan hem (azyk önümleriň) içgileri gaplamak üçin ulanylýar.
Kärhana içgi öndürijileri içgi taýýarlamak üçin alyjylaryň talaplaryny, azyk howpsuzlygynyň talaplaryny, standartlaryň we kanunçylygyň talaplaryny iň ýokary derejede kanagatlandyrmaga ygtyýar berjek önümleri gaplaýjy materiallar bilen üpjün etmekde öz wezipesini görýär.
“Uly Çynar” HJ azyk howpsuzlygy pudagynda Türkmenistanda hereket edýän düzgünleşdiriji we kanunçylyk talaplaryny, şeýle-de alyjylaryň azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna bolan talaplaryny berk berjaý edýär. Mundan başga-da, “Uly Çynar” HJ-de Hil dolandyryş ulgamy ISO 9001 we Azyk önümleriň howpsuzlygyny dolandyryş ulgamy FSSC 22000 standartlary girizildi. Kärhananyň ýolbaşçylygy alyjylaryň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin müşderiler (alyjylar) bilen aragatnaşyk saklaýar. Kärhana önümiň önümçiliginde ýokary hilli çig maly ulanýar, şeýle ýagdaýda bolsa, biziň önümimizden peýdalanýan müşderiniň - alyjynyň garaşýan ýokary hilli önümi alynýar we iň pes ýitgi gazanylýar.
Şu günki günde “Uly Çynar” HJ - bu önümçilik mümkinçilikleri bilen durnukly ösýän kärhana. Kärhana halkara standartlary we ýörelgeleri boýunça dolandyrylýar, her bir işgär öz işine düşünýär we önümçilikde hemişe kämilleşmeli proseslere gatnaşýar. “Uly Çynar” gaplaýjy materiallaryň (PET-preformalar, plastik gapaklar, tutawaçlar, plýonkalar) giň görnüşliligini, şol sanda uly guramalaryň zerurlyklary boýunça öndürýän kärhana bolup durýar.