Baýrak gowşurylyş dabarasy

/ / TÄZELIKLER

Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşigi hem-de Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy tarapyndan gurnalan «Ýylyň telekeçisi» bäsleşiginiň çäginde baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergi ýarmarkasynyň soňky gününde geçirildi. Dabaraly baýrak gowşurylyş çäresine iki edaranyň Müdiriýetiniň agzalary, şeýle-de Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň 170-den gowrak agzalary gatnaşdylar.

Bäsleşik 13 ugur boýunça geçirildi. “Uly Çynar” kompaniýasy “Ýylyň senagatçysy” dalaşgärliginde 3-nji orun aldy. Dabaraly ýagdaýda kompaniýanyň wekillerine Minnetdarlyk haty we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň baýragy gowşuryldy.

“Uly Çynar” HJ-niň işgärler topary kompaniýanyň mümkinçiliklerini ösdürmek we şertlerini artdyrmak babatynda tagallalaryny gaýgyrmaýarlar, bu bolsa degişli tagallalaryň Türkmenistanyň, Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşigi hem-de Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy tarapyndan ykrar edilýändiginiň görnetin subutnamadyr.