Treninge

/ / TÄZELIKLER

Dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmegiň we hünär derejesini ýokarlandyrmagyň çäginde, “Uly çynar” hojalyk jemgyýetiniň işgärleri Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan 2019-njy ýylyň 15-nji maýyndan 16-njy maýy aralygynda geçirilen “Lukmandan öňki ilkinji kömegi bermek” temasy boýunça treninge gatnaşdylar.  

Lukmandan öňki ilkinji kömek – bu zyýan çeken adamyň durmuşyny we saglygyny dikeltmeklige we saklamaklyga gönükdirilen çäreler toplumydyr. Ony lukmançylyk işgäriniň gelmeginden öň, zyýan çeken adamyň ýanynda bolýan (özara kömek) ýa-da zyýan çekeniň özi (özbaşdak kömek) ýerine ýetirmelidir.

Temanyň gyzykly beýan edilmegi, şeýle-de terjibeli özleşdiriş sebäpli, “Uly Çynar” hojalyk jemgyýetiniň işgärleri örän wajyp başarnyklary gazandylar. Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý Milli jemgyýetiniň tälimçileriniň hünär ukyplylygy we şahsy usuly tema ynamly we tiz girişmäge ygtyýar berýär.

Hojalyk jemgyýetiň ýolbaşçylygy dolandyryş ulgamyny dyngysyz kämilleşdirýär we şu ýol boýunça şeýle meseleleri çözmekde işgärleriniň täze başarnyklary gazanmagy, hünär derejeleriniň ýokarlanmagy onuň aýrylmaz basgançaklary bolup durýar.