Kurslar

/ / TÄZELIKLER

Dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmegiň we hünär derejesini ýokarlandyrmagyň çäginde, “Uly çynar” hojalyk jemgyýetiniň birnäçe işgärleri “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan 2019-njy ýylyň 21-nji oktýabryndan 23-njy oktýabry aralygynda geçirilen “Türkmenistanyň halk hojalygynda zähmet goragyny dolandyrmagyň ýeke-täk ulgamy” ugry boýunça okuwlara gatnaşdylar.

“Türkmenstandartlary” gullugynyň we onuň geçirýän leksiýalarynyň, okuwlarynyň, seminarlarynyň kömegi bilen islendik guramanyň esasy çeşmesi bolan adam öz durmuşy, iş şertleri we ş.m. üçin gorkmazdan öz potensialyny durmuşa geçirip biler ýaly şekilde şu gün islendik kärhananyň işini gurmak mümkindir.  

Bu okuw geçirilenden soňra, hojalyk jemgyýetiniň işgärleri synagy üstünlikli tabşyrdylar we şahadatnamalar aldylar. “Uly Çynar” hojalyk jemgyýeti öz işgärleriniň derejesini ýokarlandyrmak boýunça işi hemişe alyp barýar diýip aýtsa boljak.